“Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan – bedew batly at-myradyň mekany” ýylynda 2026-njy ýylyň aprel aýynyň 21-ne Türkmenistanyň Çeperçilik sergiler müdirligi we şekillendiriş sungatynyň sergi merkeziniň Sergi jaýynda Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli “Bedew batly Watanymyz – dünýä içre şan-şöhratly!” atly ýurdumyzyň ýaş suratkeşleri bilen bilelikde Türkmen Döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň we Türkmenistanyň döwlet çeperçilik akademiýasynyň talyplarynyň gatnaşmagynda bedew-gözellik bäsleşik sergisi geçirildi. Bu ajaýyp döredijilik sergisinde şekillendiriş we amaly-haşam sungat eserlerinde ýyndamlygy, çeýeligi we gözelligi bilen tapawutlanýan türkmen ahalteke bedewiniň syratly keşbiniň waspyny görmek bolýar. Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň zehinli talyp ýaşlarynyň ýerine ýetirmeginde türkmen medeniýetiniň milli hazynasynyň gymmatlygy bolan, türkmen ýigidiniň wepadar dosty bolan, bedewiň gözelligini suratlandyrýan saýlanan naýbaşy eserleri halk köpçüligine hödürlendi. Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli geçirilen serginiň öňe sürýän baş maksady türkmen ahalteke atyna goýulýan sarpanyň belentdigini görkezýär.