simpozium

    Türkmenistanyň suratkeşler birleşiginiň Lebap welaýat medeniýet müdirligi, Türkmenistanyň Kärdeşler arkalaşyklarynyň, Lebap welaýat birleşmesi, ýurdumyzyň heýkeltaraşlary bilen bilelikde türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly kitabyndan ruhlanyp, 2026-njy ýylyň maý aýynyň 4-18-i aralygynda ýurdymyzda sungat äleminiň iň  gadymy we iň täsirli görnüşleriniň biri bolan agaçdan çapyp ýasamak boýunça ussat heýkeltaraşlaryň gatnaşmagynda “Ömrümiň manysynyň dowamaty” atly döredijilik simpoziumy geçirildi.

   Simpoziuma, Türkmen döwlet ýörite çeperçilik mekdebiniň mugallymy Rozygeldi Gylyjow gatnaşdy. Ol “Tolkun” atly agaç heýkeli tebigatyň janly we hakyky sazlaşygyny özünde jemleýän örän täsirli we joşgunly sungat eseridir.